Gazagystanyň täze ilçisi Aşgabatda diplomatik işine başlady

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň biragyzdan bellemegine görä ýokary derejedäki gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýgytly orun eýeleýär. Mundan başga-da, söhbetdeşler hökümetara, parlamentara, pudagara we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.
Şeýle hem özara gyzyklanma eýe bolan sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalar boldy.
Öň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Nurlan Nogaýew bilen duşuşyp, ilçiniň öňünde energetika, ulag-üstaşyr, söwda we medeni hem-de ynsanperwer ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe wezipeleri goýdy.