TNGIZT-niň golaýyndaky suwuklandyrylan gaz terminalynyň kuwwaty artdyrylýar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwaty artdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada nebitgaz toplumy boýunça wise-premýer B.Amanow 19-njy iýulda Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.