Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny gurdy

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasy bolan OceanX-iň gurluşygyny tamamlady. Mingyang Smart Energy kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu enjam Cat 5 kategoriýaly tupan wagtynda-da energiýa öndürip bilýän “goşa kelleli” çuň deňiz ýel turbinasydyr.

  OceanX  Y görnüşli ýüzýän platformada oturdylan V görnüşli gurluşda ýerleşýän iki sany aýlanýan rotordan ybarat. Gurluşyň umumy agramy 16 500 tonna, perleriniň diametri 182 metr.
Öndürijileriň aýtmagyna görä, OceanX tizligi sagatda 260 km-e ýetýän şemala we beýikligi 30 metre ýetýän tolkunlara çydap bilýär. Ol bir ýylyň dowamynda, takmynan, 30 müň hojalyga ýetjek 54 müň MWt elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply.  

Gurluş häzirki wagtda Hytaýyň günortasyndaky Guançžouda ýerleşýär. Ony çuňlugy 35 metrden gowrak bolan ummanyň dürli böleklerinde ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.
Hytaý birnäçe ýyl bäri deňizdäki ýel energiýasyny ösdürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýär. Ýurduň maksady - 2025-nji ýyla çenli milli elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň üçden bir bölegini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden almak.