Türkmenistanyň Prezidenti Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerine üstünlik arzuw etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna üstünlik arzuw etdi.

Şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti gatnaşar.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.

"Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn" - diýip, döwlet Baştutany belledi.