Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam kabul eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.