Türkmenistanly türgenler Olimpiada-2024-e gatnaşmak üçin Pariže ugradylar

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.
Pariž Olimpiadasyna gatnaşjak türkmen türgenleri şulardan ybarat:

  1. S. Rahymow (dzýudo) - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy türgen arzyly Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmagyň ugrunda soňky iki ýylyň içinde iri halkara ýaryşlarynda 6 medal, şol sanda “Uly tuwalga” dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam 2024» atly abraýly ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medaly gazandy. Bu ýaryş derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan we dünýä çempionatyndan soň iri abraýly ýaryş hasaplanylýar.
  2. M. Pardaýewa (dzýudo) - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli zenan türgenimiz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň saýlama tapgyrynda wekilçilikli halkara ýaryşlarda 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 medal, şol sanda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen Uly tuwalganyň  «Antalya Grand Slam 2024» ýaryşynda bürünç medallara mynasyp boldy.
  3. D. Hasanbaýew (agyr atletika) - Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan agyr atletika boýunça 23 ýaşly sport ussady. Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen “Dünýäniň Kubogy-2024” ýaryşyndaky üstünligi bilen Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol şonda silkip götermekde altyn medal gazandy we 18 görkeziji boýunça iki synanyşygyň jemi boýunça 102 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň iň gowy 10 agyr atletikaçylarynyň sanawyna girip, dünýä reýtinginde öz ornuny gowulandyrdy. Bu oňa Pariž şäherinde Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk berdi.
  4. M.Žalaýew (suwda ýüzmek) - 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek;
  5. A. Primowa (suwda ýüzmek) - 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek;
  6. W. Meredowa (ýeňil atletika) - 100 metr aralyga ylgamak.

Türkmenistanyň Agyr atletika Milli federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Ç.Mämmedow Olimpiada-2024-de Agyr atletika boýunça geçiriljek ýaryşyň emini hökmünde wekilçilik eder.