Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyry geçirilýär. Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow premýer-ministriň orunbasary we Pakistanyň daşary işler ministri Ishak Dar bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, sebitleýin howpsuzlygy we ählumumy wakalary maslahatlaşdy diýip, Aaj News habar berýär.
Türkmen wekiliýetiniň Yslamabada saparynyň esasy maksady - söwda, maýa goýum we energetika gatnaşyklaryny berkitmek nukdaýnazaryndan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýar. Taraplar şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy we medeni alyş-çalyş gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiliklerine garaýarlar.