Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Sarahs" ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi

22-nji iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet Sarahs ýörite ykdysady zolagy bolan “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy. Bu barada Eýranyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Bu meýdan tanyşlygynda Sarahs serhet geçelgesindäki gatnawyň ýagdaýyny öwrenmek bilen bir hatarda, gatnawlary aňsatlaşdyrmagyň we bolup biläýjek kynçylyklary aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşmak maksady bilen sebitiň müdirleriniň we jogapkär ýolbaşçylarynyň, şonuň ýaly hem ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Sarahs serhet geçelgesi bilen ýerinde tanyşlyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň we ilçihananyň ykdysady hünärmenleriniň Türkmenistan bilen öözara serhetdäki gözegçilik-geçiriş nokatlary bilen meýdan tanyşlyklary zynjyrynyň dowamy hökmünde amala aşyryldy. soňky aýlarda Lotfabad we Bajgiran serhet geçelgelerine hem şuňa meňzeş tanyşlyk saparlary amala aşyryldy. Iki ýurduň arasyndaky ähli bilelikdäki gözegçilik geçiriş ýerlerine tanyşlyk saparlaryny döwürleýin esasda amala aşyrmak öňküsi ýaly häzir hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gün tertibinde durýar.