Söwda, elektroenergiýa we Türkmenbaşy porty – türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibinde

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň VI mejlisi Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde geçirildi.

Dar düzümdäki duşuşygyň dowamynda Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary - suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaew bilen türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy - energetika ministri Annageldi Saparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň dowamynda soňky dört ýylda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 7 esse ýokarlanandygy we 2023-nji ýylda 64 million dollar bolandygy bellenildi. Taraplar söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna garadylar, bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda Bakyt Torobaýew, bilelikdäki işler üçin şert döretmek we işewür toparlara iň ýokary goldaw bermek üçin iş ýüzünde çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol Elektron söwda pudagynda söwda infrastrukturasyny we poçta amallaryny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanda ýörite ykdysady zolagyny açmak meselesine bilelikde garamagy teklip etdi. Gyrgyz ýük daşaýjylaryna Türkmenistanyň çäginden halkara ýük daşamak üçin ýeňillikli nyrhlaryň berilmegi, şeýle hem gyrgyz sürüjileri üçin wiza syýasatynyň ýönekeýleşdirilmegi söwda dolanşygynyň ep-esli giňelmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Taraplar, şeýle hem, Gyrgyzystan bilen Türkmenistan geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşip, ulag we logistika pudagynda möhüm mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Hytaýdan başlaýan we Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana ulag geçelgesiniň açylmagy Hazar deňzine we Russiýa Federasiýasyna girmäge mümkinçilik döreder, şeýle hem iki ýurt üçin täze ykdysady mümkinçilikleri açar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlaryny birleşdirmek we bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek üçin gurallarynyň biri hökmünde gyrgyz-türkmen Ösüş gaznasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Bakyt Torobaýew, ýeňil senagatyň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini belläp, bilelikdäki taslamalary kesgitlemek üçin mundan beýläkki ädimleriň möhümdigini aýtdy. Türkmen dokma önümleriniň ýokary hilini Gyrgyzystanyň egin-eşik senagatynyň mümkinçilikleri bilen birleşdirmegi we oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, şeýle hem bilelikdäki ylmy taslamalary we maldarçylyk ugurly hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Duşuşykda taraplar Çolpan-Ata şäherinde Türkmenistan şypahananysy gurmak taslamasy, şeýle hem gidroelektrik, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet pudaklary baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki halkyň taryhy, medeni, ruhy we dil umumylygyna esaslanýan berk dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem iki tarapyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň energiýa, ulag, söwda we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky hasabatlary diňlenildi.

  Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň VI mejlisiniň netijelerinden soň gutarnykly teswirnama kabul edildi we 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasy getirilmegi bilen baglanyşykly gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.