Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy dörediler

Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalary hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara anna güni gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.