Türkmenistanda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.