Şenbe güni Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty Arkadag şäherine göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Maslahatyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk derejede dowam etdirilýändigi we bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygy barada aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher derejesine eýe bolan döwrebap şäheriň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talapdyr.
Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegi tabşyrdy.