“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär diýip, Ýaponiýanyň iň uly media korporasiýalarynyň biri bolan Nikkei ýazýar.

Geçen ýyl Hindistanyň Russiýa eksporty $4,26 milliard, nebit we nebit önümleriniň importynyň möçberi bolsa $61,43 milliard deň boldy.

Umuman alanyňda, söwda dolanyşygy geçen ýyl $49,36 milliarda deň bolup deňeşdirilende 33% ýokarlandy.

“Demirgazyk-Günorta” HUG – bu halkara ulag geçelgesi Russiýa üçin Eýrana, ondan aňryk üstaşyr Hindistana we Pars aýlagy ýurtlaryna we Günorta Aziýa ýurtlara eksport-import ýük daşamalaryny üpjün edýän halkara ulag geçelgesidir.