2022-nji 15-nji aprelinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Dabara ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladasy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.