Daşoguz welaýatynda pagta ýagyny öndürmek boýunça zawod gurlar

Daşoguz welaýatynda pagta çigidini gaýtadan işlemek boýunça zawod gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Azyk senagaty döwlet birleşigi ýylda 130 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlejek we pagta ýagyny öndürjek kärhananyň gurluşygy üçin halkara bäsleşigini yglan etdi. Täze zawod halkara talaplaryna laýyk gelmelidir.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar, bäsleşik çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär. Tehniki talaplary we arzanyň nusgasyny Aşgabat şäherinde Azyk senagaty döwlet birleşiginden alyp bolýar.