Elektron gurluşlary we kompýuter böleklerini işläp düzüji we öndüriji kompaniýa bolan Inter ýitgili maliýe hasabatyny hödürländen soň 23 mlrd dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary NASDAQ-da geçirilen söwdanyň jemi boýunça 18,9% pese gaçyp, 23,56 dollara ýetdi diýip, Reuters ýazýar.
Intel öz hasabatynda işgärleriniň 15%-den gowragyny azaltjakdygyny aýtdy, bu, takmynan, 17 500 işgäre deňdir, şeýle-de dördünji çärýekden başlap diwidend tölegini togtatjakdygyny belledi.
2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Intel-iň girdejisi 1%, 12,8 mlrd dollara çenli azaldy. Kompaniýa bir ýyl ozalky 1,4 mlrd dollar girdejä garşy 1,6 mlrd dollar möçberde arassa ýitgini hasaba aldy.
Intel üçünji çärýekde girdejiniň $12,5-13,5 mlrd bolmagyna garaşýar, bu analitikleriň ortaça $14,35 mlrd çaklamasyndan pesdir. Şeýle-de, kompaniýa paý üçin $0,03 möçberde düzedilen ýitgini çaklaýar.
Maliýe kynçylyklary bilen baglylykda, Intel 2025-nji ýylda öz operasion çykdajylaryny we kapital çykdajylaryny 10 mlrd dollardan gowrak azaldar.
Trading View-iň maglumatlaryna görä, 1-nji awgustdaky esasy söwda sessiýasynyň jemi boýunça Intel-iň kapitalizasiýasy $123,67 mlrd boldy. 2024-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýa bahasynyň 50%-den gowragyny ýitirdi. Bu döwürde S&P 500 indeksi tas 14% ýokarlandy.