Halajyň nah ýüplük egriji fabriginiň önümleri häzirki wagtda Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Özbegistan, Russiýa ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.
Geçen ýarym ýylda-da fabrikden 1044 tonna önüm eksporta ugradyldy.
Lebap welaýatyndaky kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gymmatly önümiň 2 müň 174 tonnasy öndürildi.
Fabrikde Germaniýanyň «Trüçler», Şweýsariýanyň «Reiter» kompaniýalarynda öndürilen ýokary öndürijilikli egriji maşynlaryň bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde her günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär.
Önümçilik üçin zerur bolan çig mal pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär diýlip, habarda bellenilýär.