2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda 12-nji awgustda bellenilýän “Hazaryň Halkara” güni mynasybetli “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak” atly maslahat çäresi geçirildi. Oňa agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasynyň işgarleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşanlar Hazar deňziniň gurşawyny ygtybarly goramak, ekologiýa howupsyzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmek, Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň bu ugurda gazananlaryny gorap saklamak babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl port” güwanamasyna eýe bolandygy barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ösüşi we ýagty gelejegi üçin edýän taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.