«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlaryny giňeltmek bilen, dürli görnüşli resminamalary dürli dillere terjime etmegi hödürleýär.
Täze girizilen bu hyzmat zawodyň hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine mümkinçilik berip, dürli dillerdäki zerur bolan resminamalaryň ýokary hilli we çalt terjimesini üpjün etmek bilen, terjime hyzmatyna isleg bildirýän müşderileri kanagatlandyrar.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, esasy önümçilige ünsi jemläp, müşderilere meseleleriň hemmetaraplaýyn çözülmegini üpjün edip, mümkin boldugyça giň hyzmatlary hödürlemäge çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde, müşderiler tarapyndan berilýän ähli maglumatlaryň gizlinligi berk berjaý edilýär.