Türkmenistan we Eýran deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berip, halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolup durýar.

Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäginde baglaşylan bu Ähtnama, iki ýurduň arasynda deňiz ulag ulgamyny ösdürmek üçin täze geljegi açýar. Ähtnamada aşakdaky görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar:

Portlary dolandyrmakda tejribe alyşmak: Taraplar porty dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe alyşarlar, bu bolsa, iki portuň hem netijeliligini ýokarlandyrar.

Hünärmenleri taýýarlamak: Port pudagy üçin bilelikdäki okuw maksatnamalary durmuşa geçiriler, bu bolsa iki tarapyň portunda hem öňdebaryjy hünärmenleri üpjün eder.

Amirabad porty, Hazar deňziniň günorta kenarynda ýerleşýän Eýranyň iň uly portlaryndan biridir. Port häzirki zaman infrastrukturasyna eýedir we dürli görnüşli gämileri kabul etmäge ukyply bolup durýar. Türkmenbaşy porty ýaly Amirabad porty hem sebitiň we umuman ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun oýnaýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup, iki ýurduň söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özarabähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýär.