“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Türkmenistanda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» (TFCA) sebitleýin taslamanyň Dolandyryş komitetiniň mejlisine we Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli gullugynyň döredilmegi babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» GIZ sebitleýin taslamasynyň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäherinde “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» (TFCA) sebitleýin taslamanyň Dolandyryş komitetiniň mejlisine we Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli gullugynyň döredilmegi babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluna gatnaşdylar.

         Mejlisiň geçirilmeginiň maksady şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

-         TFCA-nyň çäginde geçiriljek çäreleri babatynda pikir alyşmak;

-         Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatynda milli komitetiniň döredilmegi boýunça halkara tejribäni öwrenmek we tejribe alyşmak;

-         Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatynda milli komitetiniň döredilmegi boýunça geljekkki ädimleri kesgitlemek;

-         Türkmenistanda Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň» çäginde ýaňy ýakynda amala aşyrylan çäreleriň synyny we gysga möhletli we orta möhletli ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek, şeýle hem, Türkmenistanyň sebitleýin derejesindäki çärelere gatnaşmak;

-         Gyrgyzstandan, Täjigistandan, Özbegistandan Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatynda milli komitetiniň döredilmegi babatynda tejribäniň üstünde syn;

-         «Ready4 Trade» Halkara söwda merkeziniň sebitleýin taslamasynyň teklip eden halkara maslahatçysy tarapyndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatynda milli komitetiniň döredilmegi boýunça halkara synagy we maslahaty bilen tanyş bolmak;

-         Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatynda milli komitetiniň taslamasynyň düzgünnamasynyň işläp taýýarlamagyny ara alyp maslahatlaşmak we gelejekki ädimleri boýunça ylalaşyklary gazanmak.