2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «Suvari Shipping & Trading Co.Inc.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar we geljekki mümkinçlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Suvari Shipping & Trading Co.Inc.» kompaniýasynyň wekili çärä gatnaşmaga örän şatdygyny belläp, kompaniýa tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny we Türkmenistan bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Kompaniýanyň wekilleri häzirki wagtda Türkmenistanyň gurluşyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryny, Ýewropa ýurtlaryndan getirilmeli ýükleri Türkiýede jemläp Türkmenistana ýollaýandyklaryny belläp geçdiler. Şeýle-de, Gruziýanyň demir ýollaryny ulanmak arkaly ýükleriň daşalýandygy barada nygtap geçdiler.
Agentlik tarapyndan portuň çäginde önümçilik sehlerini gurmaklyk teklip edilip, harytlaryň reeksport etmäge mümkinçiligiň bardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.