“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Koreýanyň Deňiz enjamlary bileleşiginiň arasynda Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň  maýa goýum forumynyň çäklerinde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ bilen Koreýanyň Deňiz enjamlary bileleşiginiň arasynda Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnamanyň gol çekilmegi bilen, gämi gurluşyk ulgamy babatynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine, häzirkizaman öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyna ornaşdyrmaga, hünärmenleri halkara talaplaryna laýyk taýýarlamaga hem-de milli söwda flotumyz üçin “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileriň guruluşygyny  giňeltmäge mümkinçilik döreder.