2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda saparda boldular. Saparyň dowamynda wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy, mümkinçileri, ornaşdyrylan enjamlary we hyzmatlary bilen ýerinde tanyş boldular.
Şeýle-de, saparyň çäklerinde portuň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň Baş direktory Aleksandr Masinger Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçlikleri bilen ýerinde tanyş bolandygyny we häzirkizman ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu halkara portuň özünde täsir galdyrandygyny aýratyn belläp geçdi.. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan iş ugurlary, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada tanyş edip, portda ornaşdyrylan enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça mümkinçilikleri artdyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly esasy wezipeleriň durmuşa geçirilmegine garaşylýandygy nygtalyp geçildi.
Bu ugurda 2024-nji ýylyň noýabr aýynda kompaniýanyň wekillerinden düzülen toparyň Türkmenistana saparyny meýilleşdirmek we bu saparyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny içgin ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.