12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirilip, bu maslahat Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda işewürlük gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm ädimleri boldy.
Iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle-de hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre söwda, ykdysadyýet, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag we logistika, oba hojalyk hem-de gaýtadan işleýän senagat pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine ýardam etdi
TDH-nyň habar bermegine görä, forumyň dowamynda özara ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistandan dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnagyň netijeleriniň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de, ösmegine itergi berjekdigini bellediler.
Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem, gatnaşyjylar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar we Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin ygtybarly kanunçylyk binýadynyň wajyplygyny belläp geçdiler.
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem-de netijeli duşuşyklar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek, gatnaşyklary hasam pugtalandyrmak üçin güýçli itergi berer.