“Daewoo E&C” Türkmenistanda mineral dökünleri öndürýän zawod gurar

“Daewoo Engineering & Construction” (Daewoo E&C) kompaniýasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak baradaky tenderine esasy gatnaşyjy hökmünde saýlanyp alyndy. Bu barada “Business Korea” neşiri duşenbe güni habar berdi. 

Türkmenabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän zawod ýylda 350 müň tonna fosfor dökünleri we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürmäge ukyply bolar. 

“Daewoo E&C” gurluşyk we inženerçilik ulgamynda Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýasy bolup, üstünlikli ýerine ýetirilen halkara taslamalary bilen giňden tanalýar. Kompaniýa 2023-nji ýylda Aşgabatda şahamçasyny açdy. 

Ozal habar berlişi ýaly, “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistandaky gurluşyk taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.