“Belavia” Minsk bilen Türkmenbaşynyň arasynda ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

Belarusuň “Belavia” awiakompaniýasy Minsk bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. Bu barada BT metbugat gullugynda  habar berilýär.

23-nji noýabrdan başlap, uçarlar degişli ugur boýunça hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günleri uçuşlary ýerine ýetirerler.

Uçuş tertibine laýyklykda, şenbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 9:30-da uçar we Türkmenbaşy şäherine ýerli wagt bilen sagat 15:35-de gonar.

Sişenbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 22:45-de uçar we Türkmenbaşy şäherine ertesi gün sagat 04:50-de gonar.

Uçuşlar “Embraer-195” uçarlarynda amala aşyrylar, uçuşyň dowamlylygy bolsa 4 sagat 5 minuta barabardyr.