ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy şäherinde iş saparynda boldy. Ol saparyň dowamynda  edara-kärhanalara myhmançylykda bolup, degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 

         ABŞ-nyň  Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem iş saparynda boldy we portyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny şeýle-de portyň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary myhmanlary portuň mümkinçilikleri we hyzmatlary bilen  tanyşdyrdylar.

Soňra myhmanlar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşmak üçin terminallara aýlanyp gördüler.