Türkmenistan bilen “SpaceX” ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler

“SpaceX” kompaniýasy bilen Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň wekili Ýelena Paýşer Aşgabat şäherinde penşenbe güni açylan telearagatnaşyk we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly sergide maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň irki wagtdan bäri alnyp barylýandygyna garamazdan, kompaniýa Türkmenistanda geçirilýän bu abraýly sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Ý.Paýşer “SpaceX” kompaniýasynyň hünärmenleriniň, hususan-da, “TürkmenÄlem 52.0E” ilkinji türkmen emeli hemrasynyň taslamasyny düzmek we uçurmak işine gatnaşandyklaryny, bu işiň Kanaweral burnunda “Falcon 9” raketa göterijisi arkaly üstünlikli ýerine ýetirilendigini belledi.

Bellesek, “TürkmenÄlem 52.0E” ilkinji türkmen emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde “Falcon 9” raketa göterijisi bilen orbita çykaryldy. Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan gurlan kosmos enjamy geostasionar orbitada üstünlikli işleýär.

Häzirki wagtda “TürkmenÄlem 52.0E” emeli hemrasy arkaly Ýewropa, GDA, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň tomaşaçylary we diňleýjileri üçin 10 dilde tele we radioýaýlymlaryň gepleşikleri ýaýlyma berilýär. Emeli hemra şeýle hem onlarça kompaniýalara we döwlet edaralaryna maglumatlary ibermek hyzmatyny üpjün edýär.