Ulag-aragatnaşyk ulgamy ykdysady ösüşi ýokarlandyrýar we ýurtlary birikdirýär, muňa garamazdan dünýädäki parnik gazlarynyň(GHG) köpelmegine hem sebäp bolýar. Halkara gämi gatnawlary, içerki ulag ulgamlary we halkara howa ýollary, BMG-niň guramalary zyňyndylary azaltmak boýunça sebitleýin we global derejede işler alyp barýarlar.
2024-nji ýylyň 11-23-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi konferensiýasy (UNFCCC COP 29) geçirildi. Bu resmi çäräniň dowamynda Halkara Deňiz Guramasy (HDG), Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (UNECE) bilelikde “Ulaglary dekarbonizasiýalaşdyrmak: awiasiýa, deňiz we gury ýer üçin syýasatlar we strategiýalar" temasy boýunça pikir alyşdylar.
HDG-nyň Baş sekretary Arsenio Dominguez gatnaşyjylara halkara gatnawlarda halkara söwdanyň 80%-den gowragynyň halkara gämi gatnawlaryndan ybaratdygy we IMO-nyň howany kadalaşdyrmak boýunça ilkinji düzgünleri güýje gireli bäri energiýa netijeliligini 20% -den gowrak ýokarlanandygy barada belläp geçdi.
Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparyň (IPCC) iň soňky hasabatyna görä, global ýylylyk howpy bolan CO2 zyňyndylarynyň 72% -den gowragy içerki ulag-aragatnaşyk pudagyna, onuň hem 69%-i bolsa ulag ulgamyndan ýüze çykýar. Howa ulaglary her ýyl CO2-niň umumy antropogen zyňyndylarynyň takmynan 2,4%-ine, deňiz ulaglary ulgamyndan bolsa çykýan zyňyndylar takmynan 2-3%-ine deňdir. Häzirki wagtda ekologiýa we howa dürli görnüşli parnik gazlaryň zyýanly täsiri öwrenilip, olaryň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär.
COP29-da geçirilen çäre, UNECE, ICAO we HDG-nyň ulag pudaklarynyň howanyň üýtgemegine edýän täsirini çözmekde soňky gazananlarynyň görkezijisidir, şeýle hem agza döwletleriň we esasy gyzyklanýan taraplaryň uglerod bitaraplygyny gazanmak üçin zerur çärelere nähili goşant goşýandyklarynyň beýanatydyr.
Ýükleri daşaýyş panelinde döwlet we hususy deňiz bilermenleri HDG-nyň ýolbaşçylygynda deňiz dekarbonizasiýasynyň dürli taraplaryny, şol sanda deňiz ýangyjynyň durnukly standartlaryny ösdürmegi, global düzgünleriň zerurlygyny, tehnologiki innowasiýalaryň ähmiýetini we hökümetleriň, gämi eýeleriniň, tertipnamaçylaryň, ýük daşaýjylaryň, ýangyç üpjün edijileriň, port pudagynyň aralaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.