Aşgabatda «Iran Agrofood» ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde nobatdaky Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Sergi 18-nji dekabra çenli dowam eder. Üç günüň dowamynda Eýranyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalaryň öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin gürrüň bererler. Bu barada TDH habar berýär.

Sergi Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi berer, ol özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.