Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi

2024-nji 19-njy dekabrynda Türkmenistan bilen Malaýziýa medeniýet, sungat we medeni miras ulgamynda şeýle hem, kauçuk senagatyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda iki sany ähtnama gol çekmek bilen ikitaraplaýyn gatanaşyklary has-da berkitdiler. Resminamalar gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Biznes Türkmenistan resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim bilen “Perdana Putra” köşgünde bolan duşuşygynda taraplar söwda we maýa goýum, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk, ýokary bilim, syýahatçylyk hem-de ulag meselelerine bagyşlanan gepleşikleri geçirdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň alty orunbasaryndan, bäş ministrinden, şol sanda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowdan ybarat türkmen wekiliýeti maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar.

Geçirilen gepleşiklerden soň, Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň hormatyna “Seri Perdana” köşgünde resmi günortanlyk naharyny berdi. Oňa Malaýziýanyň Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Premýer-ministriň orunbasary Datuk Seri Fadilla Ýusuf, daşary işler ministri Datuk Seri Mohamad Hasan, içerki söwda we ýaşaýyş nyrhnamalaryna gözegçilik ministri Datuk Armizan Mohd Ali gatnaşdylar.

Taraplar ulag, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriň we ylmy edaralaryň arasynda alyş-çalyş maksatnamalaryna hem aýratyn üns berildi. Iki ýurduň Baştutanlary gol çekilen ylalaşyklarda kesgitlenen wezipeler boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berdiler.