Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew 2024-nji ýylyň 17-18-nji dekabr aralygynda Balkan welaýatynda iş saparynda boldy.
Saparyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi we Türkmenbaşy şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda, esasan hem energiýa, ulag infrastrukturasy, nebitgaz pudagy, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika çeşmeleriniň üstaşyr geçirilmegi we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän ulag geçelgesini ösdürmek taslamalaryna aýratyn üns berildi.
Taraplar, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin medeni çäreleri, sergileri we festiwallary geçirmek babatdaky meýilnamalar boýunça pikir alyşdylar.
Ilçi saparynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we «Garabogazkarbamid» zawodyna baryp gördi.