Türkmenbaşy şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrülip, Bitaraplyk baýramynyň  şanly senesiniň öňüsyrasynda, ýagny, 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin 5 sany 4 gatly 300 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna şäher we etrap döwlet edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada hormatly ýaşulular ak pata berenlerinden soň, dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň öý otaglaryna aýlanyp görüp, döredilen döwrebap şertlerdir, giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar.

 Dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynyň baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.