2025-nji ýyl üçin Özbegistanyň döwlet býujeti baradaky kanunyna laýyklykda, hökümet respublikanyň çägine daşary ýurt ýük ulaglarynyň girmegi üçin töleg nyrhlaryny täzeden gözden geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Türkmenistanda hasaba alnan ýük ulaglary üçin ýük göterijiligine baglylykda täze nyrhlar kesgitlenildi:
10 tonna çenli — $130 (öňki $50 ýerine)
10-dan 20 tonna çenli — $180 (öňki $100 ýerine)
20 tonnadan ýokary — $250 (öňki $150 ýerine)
Beýleki ýurtlardan gelen ulaglar üçin nyrhlar öňki derejesinde galdy:
Owganystan — $50
Täjigistan — $100-200 (ýük göterijiligine baglylykda)
Gazagystan we Gyrgyzystan — $300
beýleki ýurtlar — $400
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary, ulag hyzmatlary üçin tölegleri deň we aç-açan esasda almak barada ylalaşyk gazandylar. Bar bolan maglumata görä, 2025-nji ýyldan başlap iki ýurduň milli daşaýjylary üçin tölegler deňleşdiriler.
Şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsatnama alyş-çalyş ulgamyny (E-Permit) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle ulgamlaryň eýýäm Özbegistan, Türkiýe we Gazagystan bilen ýük daşamak ulgamynda işleýändigi habar berilýär.