Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary

2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynydaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de ýolbaşçylary girdiler.

Saparyň çäklerinde BAE-niň energetika we infrastruktura ministri we Adu Dhabi Ports toparynyň baş direktory bilen geçirilen duşuşyklarda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Portlary dolandyrmakda we olary sanlylaşdyrmakda BAE-niň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Abu Dabiniň Abu Dhabi Ports toparyna girýän portlarynyň biriniň işi bilen hem tanyşdy.

Şeýle-de, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama ulag düzümleriniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň ornaşdyrylmagyna, oňdebaryjy sanly tehnologiýalary girizmegiň hasabyna portlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmäge ýardam bermäge hyzmat eder.