Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan demir ýol gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleler Almatada «Қазақстан темір жолы» PJ we «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleriniň ikitaraplaýyn gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Taraplar Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän Bolaşak demir ýol stansiýasynda birleşdirilen halkara geçelge nokadynyň işini täzeden başlamak barada ylalaşyga geldiler.
Bu çäre iki ýurduň arasynda ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga gönükdirilen, sebäbi halkara nokadynyň täzeden işläp başlanmagy otlularyň alyş-çalyş işini çaltlandyrmaga we ýükleri daşamak üçin zerur bolan barlag geçirmegiň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberi 1,6 million tonna deň boldy – diýip, neşirde bellenýär.