Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka awtomobil ýolunyň taslamalasyny maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda Eýranyň serhedinden Gumdag şäherine uzaýan awtomobil ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Biznes Türkmenistan resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar bu ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýetini belläp, ugurdaş edaralara onuň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrmak boýunça ylalaşdylar.

Ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň we Eýranyň strategik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi göz öňünde tutulanda täze awtomobil ýoly Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky arabaglanyşygy has-da pugtalandyrar hem-de Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda goşmaça üstaşyr mümkinçilikleri döreder.

Taraplar şeýle hem suw serişdeleri, Hazarýaka hyzmatdaşlygy hem-de 2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda geçiriljek Hazar ykdysady forumy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny tassyklap, sebitiň ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer meselelerine bagyşlanan bu görnüşli dialogyň ähmiýetini belledi.

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.