Türkmenistan – YHG: ulag pudagynda, serhetýaka söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmeklige seredildi

Tähran şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ulag pudagynda we serhetýaka söwda gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de Türkmenistan bilen YHG-niň arasynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugurlaryna garaldy. Bu barada Biznes Türkmenistan resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Dim-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, R.Meredow bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ulgamlarda geljekki ädimler üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýän Ulag we üstaşyr geçirmek boýunça çarçuwaly ylalaşygyň hem-de YHG-a agza döwletleriň Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek bilelikdäki okuw maslahatlary we tejribe sapaklary geçirmek maslahatlaşmalaryň möhüm ugry boldy. Baş sekretar 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli dialogyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler.