2022-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Zähmet hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde ýüze çykýan meseleler” ady bilen okuw sapaklary geçirildi. Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hukukçylary, buhgalteriýa hasaba alyş we maliýe hasabaty, Ykdysadyýet we meýilleşdiriş, Işgärler we ýörite işler, Tehniki howupsuzlyk raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar bölümleriniň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Okuw sapaklary iki gün dowam etdi.
Sapagyň barşynda Işgärler syýasatynyň ýörelgeleri, işgärleriň hukuk kadalary, işgärleri dolandyrmagyň zähmet gatnaşyklary barada giň düşünje berildi. Şeýle hem Işgärleri hukuk kadalarynyň we milli kanunçylygymyzyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy.
Işgärler özlerini gyzyklandyrýan, iş ýüzünde ýüze çykýan meseleler boýunça sorag-jogap, tejribe alyşdylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň wekilleri çykyş edip, soraglara dürli mysallaryň üsti bilen jogap berdiler. Bu bolsa okuw sapagyna gatnaşanlar üçin iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge we hukuk bilimlerini baýlaşdyrmaga ýardam berdi.