Türkmenistanyň Ilçisi Ulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin Litwada gepleşikler geçirdi

Litwada iş saparynyň çäginde, Minskdäki Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýew GDA ýurtlarynda, Ýewropa we Aziýa deňiz portlary arkaly söwda we logistika bilen meşgullanýan Grudoteka kärhanasyna baryp gördi we bu kärhananyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi.

Duşuşykda ýük daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm faktorlar hökmünde deňiz logistika infrastrukturasyny ösdürmek meselesi, port hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen diplomaty, Klaipeda döwlet deňiz portunyň Baş direktory Algis Latakas bilen hem duşuşdy, ol türkmen diplomatyna portuň işi barada jikme-jik maglumat berdi. Klaipeda portunyň, Litwanyň iň uly ulag merkezi bolan Baltika deňziniň gündogar kenaryndaky öňdebaryjy buzsyz portlaryndan biridigini, deňiz bilen gury ýer ugurlarynyň arasynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşygy üpjün edýändigini belläp geçdi. Baş direktor, portuň dürli maksatly ýük akymlaryny netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýän 33 sany häzirki zaman terminalynyň bardygyny habar berdi. Portuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berildi. Umumy meýdany 415 gektar, akwatoriýasy 623 gektar, çuňlugy 14 metre çenli, uly göwrümli gämileri kabul etmäge mümkinçilik berýändigi barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ulag pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkünçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.