Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, “Deňiz” myhmanhanasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalşyk ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Döwlet Gümrük gullugynyň we SPECA-nyň agza ýurtlarynyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň birinji gününde Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maglumatlary we resminamalary alyş-çalyş etmek boýunça temalarda çykyşlar edildi. Hususan-da, häzirki wagtda Aktau-Baku aralygynda ýük gatnawlary boýunça maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýlandygy, geljekde bu ugurda Türkmenistanyň hem goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda maglumat alyş-çalyşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň UN/CEFACT standartlaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Okuw maslahaty iki gün dowam eder hem-de maslahatyň ahyrynda myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyrylar.