Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2025-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň strategiki we uzak möhletli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistan we Täjigistan diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA, ŞHG we EKO ýaly halkara guramalaryň çäginde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk statusynyň  ähmiýeti barada nygtaldy. Şeýle-de diplomat Prezident Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany üçünji gezek kabul etmegi bilen gutlap, şeýle hem Täjigistanyň Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Taraplar, şeýle hem, ýangyç-energetika, söwda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, söwda-ykdysady döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.