Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde penşenbe güni Samarkant şäherinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk ulgamlarda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu gezekki duşuşygyň ÝB bilen köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýygjamlaşandygyny nygtan Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki dialogy hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim hökmünde görkezdi.

Antoniu Koşta Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu çäräniň uzakmöhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy kemala getirmäge şertleri döretjekdigi bellenildi.

Türkmenistan 1991-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. ÝB soňky ýyllarda energetika, söwda, infrastrukturalary ösdürmek ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi.