Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagynda işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime ýetdi. TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory ministrler kabinetiniň mejlisinde bu barada hasabat berdi.
Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtoýollary, demir ýoly, howaýollary, deňiz we derýa ýollary arkaly ýük dolanşygy 4,3%, ýolagçy gatnawlary bolsa 1,4% ýokarlandy.
Iň ýokary ösüş depgini 126.5% netije bilen “Türkmenhowaýollary” agentligi we 125.5% netije bilen “Türkmendeňizdeýaýollary” agentligi tarapyndan görkezijä eýe boldy. Hödürlenýän hyzmatlaryň ösüş depgini boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan - 122%, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan - 110,4%, “Türkmendemirýollary”agentigi tarapyndan - 107,1% görkezijä eýe boldy.
Duşuşykda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäginde görülýän çäreler barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläninden soňra, milli ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň we ýurduň halkara transport we üstaşyr mümkinçiliginden doly peýdalanmak boýunça has netijeli işleri alyp barmagyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Agentligiň Baş direktoryna bu ugurlar boýunça anyk görkezmeler berildi.