2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýükleriň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,5 esse ýokarlandy.
Esasy üstaşyr ýükleriň hataryna nebit önümleri, himiki ýükler, gurluşyk materiallary, metal we metal önümleri, tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary, azyk önümleri we ş.m ýükler degişli bolup durýar.
Ozal kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda sanly tehnologiýalary we hyzmatlary yzygiderli ornaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň hilini ýokarlandyrmak arkaly we sebitdäki gyzyklanýan halkara ulag-logistika kompaniýalary bilen geçirilen gepleşikler üstaşyr yükleriň artmagyna ýardam etdi.Türkmenistanyň ulag we üstaşyr potensialyny doly derejede ulanmak boýunça işler uly depginde dowam edýär.