“EХRO-2025” Bütindünýä sergisi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmenistan döwleti dünýäniň ähli döwletleri bilen bilelikde geçirilýän halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýar. Golaýda dabaraly ýagdaýda açylan “EХRO-2025” Bütindünýä sergisi- türkmen-ýapon halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň şaýady boldy.

2025-nji ýylyň 13-apelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EХRO-2025” Bütindünýä sergisi dünýä yaň saldy. Sebäbi bu sergide Türkmenistanyň hem-de birnäçe döwletleriň öz diwarlyklary bilen eden çykyşlary oňa gatnaşanlarda we millionlarça adamlarda ýakymly tasir galdyrdy.

2025-nji ýylyň 14-apelinde Türkmenistanyň Milli gününi belleýän ilkinji ýurtlaryň biri bolmagy hem ýatdan çykmajak taryhy seneleriň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygynyň taslamasy “Belli Greative” dizaýn studiýasy tarapyndan amala aşyrylypdyr. Ol 3 gatdan ybarat bolup, onuň arhitekturasy uly many-mazmuna eýe boldy. Diwarlykda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli gymmatlyklary, el işleri, nagyşlary, tebigy, taryhy medeni baýlyklary, ýurduň ähli pudaklaryndaky gazananlary şöhlelendirilipdir.

Ýene-de guwandyryjy waka diwarlyklaryň arasynda iň halanan, oňat teswirler berilen 1-nji orna Türkmenistan Watanymyzyň adynyň tutulmagy biziň talyp kalbymyzy has-da joşdurýar. Sebäbi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolup, Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesindäki gazanýan at-abraýy bizi okamaga, döretmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesinde gazananlaryny wasp etmäge has-da ruhlandyrýar.

Goý, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny dünýä tanatmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin jany sag, ömri uzak bolsun , ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby

Bäsleşikler
21 Maý 2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
21 Maý 2025
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
18 Maý 2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
17 Maý 2025
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
21 Few 2025
Seulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
18 Few 2025
"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda yglan eden "Gudrat" gämisi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 7-nji martyna çenli 16: 00-a çenli uzaldylýandygyny habar berýär.
17 Few 2025
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
15 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по капитальному ремонту и закупке необходимых запчастей, оборудование для буксировочного судно «Jahan»
06 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по закупке необходимых запчастей и оборудований для буксировочного судно «Гудрат»
23 Okt 2024
Aşgabatda «OGT 2024» 29-njy Halkara konferensiýasy we «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2024» sergisi açyldy