Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Türkmenistanyň we EYR-yň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Bäsleşikler
21 Maý 2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
18 Maý 2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
17 Maý 2025
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
18 Apr 2025
“EХRO-2025” Bütindünýä sergisi
21 Few 2025
Seulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
18 Few 2025
"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda yglan eden "Gudrat" gämisi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 7-nji martyna çenli 16: 00-a çenli uzaldylýandygyny habar berýär.
17 Few 2025
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
15 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по капитальному ремонту и закупке необходимых запчастей, оборудование для буксировочного судно «Jahan»
06 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по закупке необходимых запчастей и оборудований для буксировочного судно «Гудрат»
23 Okt 2024
Aşgabatda «OGT 2024» 29-njy Halkara konferensiýasy we «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2024» sergisi açyldy