Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

20-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian tarapyndan kabul edildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeni we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýändigini, olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigini nygtady.

Taraplar ulag-üstaşyr ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn bellediler, şeýle-de halkara we sebit başlangyçlarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen geçiriljek halkara forumyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Bäsleşikler
21 Maý 2025
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
18 Maý 2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
17 Maý 2025
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
18 Apr 2025
“EХRO-2025” Bütindünýä sergisi
21 Few 2025
Seulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
18 Few 2025
"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda yglan eden "Gudrat" gämisi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 7-nji martyna çenli 16: 00-a çenli uzaldylýandygyny habar berýär.
17 Few 2025
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
15 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по капитальному ремонту и закупке необходимых запчастей, оборудование для буксировочного судно «Jahan»
06 Ýan 2025
Агентство «Туркмендениздеряёллары» объявляет Международный открытый тендер по закупке необходимых запчастей и оборудований для буксировочного судно «Гудрат»
23 Okt 2024
Aşgabatda «OGT 2024» 29-njy Halkara konferensiýasy we «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2024» sergisi açyldy