2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Türküstan şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana saparynyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen resmi däl duşuşyk geçirer.
Onda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türküstan şäherindäki birnäçe desgalara baryp görmegine garaşylýar.